Aşgabatda “Türkiýäniň aşhanasy hepdesine” bagyşlanan çäre geçirildi

Aşgabatda “Türkiýäniň aşhanasy hepdesine” bagyşlanan çäre geçirildi
Çäräniň dowamynda türk ýaprak sarmasyny taýýarlamak boýunça türgenleşik sapaklary geçirildi.

Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasy şenbe güni “Türkiýäniň aşhanasy hepdesine” bagyşlanan çäre geçirdi.

Türkiýäniň ilçisi Togan Oralyň rezidensiýasynda geçirilen çärä köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň aýaly Emine Ärdoganyň başlangyjy bilen ýazylan “Asyrlyk tagamlarda türk aşhanasy” kitabynyň tanyşdyrylyşy hem geçirildi.

Çärede kitabyň tanyşdyrylyşy bilen bagly Emine Ärdoganyň wideoroligy hem görkezildi. ““Asyrlyk tagamlarda türk aşhanasy” kitaby biziň ägirt uly baýlygymyz bolan türk tagamlaryny dünýä ýaýmak ugrunda ädilen uly ädim bolup durẏar. Kitap – ýurdumyzyň öňdebaryjy aşpezleriniň, alymlarynyň we gastronomiýa boýunça ylmy barlagçylarynyň bilelikdäki tagallasydyr. Sagdynlyga we galyndysyz taẏẏarlamak usulyna mahsus bolan däbe öwrülen türk aşhanasynyň dürli tärleri, bu kitap arkaly dünýӓ ýaýylýar” diýip, Türkiýäniň Prezidentiniň aýaly Emine Ärdogan wideorolikda aýtdy.

Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Togan Oral dabaranyň açylyşynda bu ýylyň 21-27-nji maý aralygynda “Türkiýäniň aşhanasy hepdeliginiň” bellenilýändigini aýdyp, ýerli habarçylara türk tagamlaryny tanatmak maksady bilen bu çäräniň gurnalandygyny belledi.

Mundan başga-da, çäräniň dowamynda türk ýaprak sarmasyny taýýarlamak boýunça türgenleşik sapaklary geçirildi we gatnaşyjylara türk milli tagamlary hödürlendi.

Türkiýe 1991-nji ýylda Türkmenistanyň garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji ýurt boldy. Iki ýurduň diplomatik gatnaşyklary 1992-nji ýylyň 29-njy fewralynda ýola goýlup, Aşgabatda Türkiýäniň ilçihanasy açyldy.

2022