Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Saud Arabystanynyň Mekge sebitindäki Jidda şäherine geldi. Bu barada Saud Arabystanynyň “Saudi Press Agency” agentligi habar berdi.
Patyşa Abdulaziz halkara howa menzilinde Iki Mukaddesligiň hyzmatkäriniň geňeşçisi we Mekge sebitiniň häkimi Şazada Halid Al-Faýzal, Saud Arabystanynyň Türkmenistandaky ilçisi Saýed bin Siwaýed Algamdi hem-de birnäçe ýokary derejeli resmiler Döwlet Baştutanymyzy garşy aldylar.
Bu Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň mart aýynda Prezident wezipesinde işe başlany bäri ilkinji daşary ýurt saparydyr.
Saud Arabystany Yslamyň iň mukaddes iki şäheri bolan Mekge we Medinäniň mekanydyr.
Suratlar: “Saudi Press Agency”