Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlary sammite gatnaşmak üçin Aşgabada geldiler

Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlary sammite gatnaşmak üçin Aşgabada geldiler
Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisini Aşgabat Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow garşy aldy. (Surat: Eýranyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Russiýanyň, Gazagystanyň. Azerbaýjanyň we Eýranyň Prezidentleri Hazar sammitine gatnaşmak üçin çarşenbe güni Aşgabada geldiler. Bu barada dört ýurduň Liderleriniň metbugat gulluklary habar berýärler.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putini, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewi we Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisini Aşgabat Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow garşy aldy.

Sammitiň çäklerinde Gazagystanyň, Azerbaýjanyň we Eýranyň Baştutanlary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanyň, Azerbaýjanyň we Eýranyň Prezidentleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

Kasym-Žomart Tokaýew Gurbanguly Berdimuhamedowyň gazak-türkmen gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna goşan goşandyny belläp, oňa Gazagystanyň iň ýokary döwlet baýragy – Altyn bürgüt ordenini gowşurdy.

Sammitden soňra Hazarýaka ýurtlarynyň Baştutanlarynyň sebitde hyzmatdaşlygy ösdürmek barada jemleýji resminamany kabul etmegine garaşylýar.

Suratlar: Gazagystanyň, Azerbaýjanyň we Eýranyň Prezidentleriniň metbugat gulluklary

2022