Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Prezidentleri Çolpon-Atada duşuşdylar

Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Prezidentleri Çolpon-Atada duşuşdylar
Prezidentler ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. (Surat: Gyrgyzystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow penşenbe güni Gyrgyzystanyň Yssyk-Kul sebitiniň Çolpon-Ata şäherinde gepleşik geçirdi. Bu barada Gyrgyzystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz Çolpon-Ata şäherine Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw maslahatyna gatnaşmak üçin bardy.

Prezidentler ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Sadyr Žaparow Türkmenistanyň Gyrgyzystanyň ýakyn dosty, strategiki hyzmatdaşy we dogan ýurdudygyny belläp, ýurdunyň Türkmenistan bilen söwda we ykdysady gatnaşyklaryň giňelmegine hem-de hil taýdan ösmegine uly ähmiýet berýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gyrgyzystanyň mähirli garşylanandygy üçin minnetdarlyk bildirip, Gyrgyzystan bilen söwda-ykdysady we maýa goýum ugurlaryny öz içine alýan ähli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny belledi.

Şeýle hem, Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw maslahatynda kabul ediljek we gol çekilmeli resminamalaryň ýurtlarynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy giňeltjekdigine hem-de çuňlaşdyrjakdygyna ynam bildirdi.

Suratlar: Gyrgyzystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy

2022