“Abadan haly” AGPJ halylaryň täze görnüşlerini öndürip başlady

“Abadan haly” AGPJ halylaryň täze görnüşlerini öndürip başlady
Täze haly görnüşleri halylaryň "Owadan", "Kerwen" we "Parahat" synplaryna degişlidir.

“Abadan haly” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti halylaryň täze görnüşlerini öndürip başlady. Bu görnüşler halylaryň "Owadan", "Kerwen" we "Parahat" synplaryna degişlidir.

Önümler ýakynda Türkmenistanyň dürli künjegindäki söwda nokatlaryna iberilip başlandy. 2016-njy ýylyň fewral aýynda işläp başlan "Abadan haly" haly önümçilik toplumynyň önümleri gysga wagtyň içinde sarp edijileriň giň söýgüsini gazandy. Kärhananyň önümleri daşary ýurtlara hem eksport edilýär.

Haly önümçiliginde ulanylýan polipropilen Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan (TNGIZT) satyn alynýar. Žut, reňk, sintetiki sapak, ýelim ýaly goşmaça ulanylýan çig mallar bolsa Türkiýäniň, Bangladeşiň we Ýewropanyň öňdebaryjy kompaniýalaryna degişlidir.

“Abadan haly” haly toplumyndaky sehlar Belgiýanyň, Germaniýanyň we Türkiýäniň döwrebap tehnologiýalary bilen üpjün edilendir. Kärhanada 700-e golaý hünärmen zähmet çekýär.

“Abadan haly” haly önümleri daşary ýurtlardan import edilýän halylardan özüniň syklygy, galyňlygy, reňk durnuklylygy, nepisligi we çydamlylygy bilen tapawutlanýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022