ŞHG-niň sammitine gatnaşýan Döwlet Baştutanlarynyň hormatyna kabul edişlik çäresi geçirildi

ŞHG-niň sammitine gatnaşýan Döwlet Baştutanlarynyň hormatyna kabul edişlik çäresi geçirildi
Çäräniň dowamynda Döwlet baştutanlary “Beýik ýüpek ýoly” halkara syýahatçylyk merkezinde ýerleşýän “Боқий шаҳар”(Baky şäher) toplumyna bardylar. (Surat: Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Özbegistanyň Samarkant şäherinde 15-16-njy sentýabr aralygynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) nobatdaky sammiti geçirilýär. Özbegistanyň Prezidentiniň adyndan ŞHG-niň sammitine gatnaşýan Döwlet Baştutanlarynyň iş saparynyň hormatyna kabul edişlik çäresi geçirildi.

Çäräniň dowamynda Döwlet baştutanlary “Beýik ýüpek ýoly” halkara syýahatçylyk merkezinde ýerleşýän “Боқий шаҳар”(Baky şäher) toplumyna bardylar. “Baky şäher” Özbegistanyň gadymy şäherleriniň keşbini, milli däp-dessuryny, şeýle hem dostlukly halklar bilen gatnaşyklarynyň taryhyny özünde jemleýär. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugy penşenbe güni habar berdi.  

Habarda bellenilşi ýaly, Samarkant şäherinde geçirilýän ŞHG-niň sammiti ýokary guramaçylykly derejede gurnalyp, ol ýerde geçirilýän ikitaraplaýyn duşuşyklarda möhüm ylalaşyklar gazanylýar. ŞHG-niň sammitiniň çägindäki esasy çäreler şu gün, 16-njy sentýabrda geçiriler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow özbek kärdeşi Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy bilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin penşenbe güni Özbegistanyň Samarkant şäherine bardy.

2022