Özbegistanyň Prezidenti resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

Özbegistanyň Prezidenti resmi sapar bilen Türkmenistana geldi
Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew (Surat: Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew penşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça resmi sapar bilen Aşgabada geldi.

Aşgabat şäheriniň halkara howa menzilinde Özbegistanyň Prezidentini Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew we beýleki resmi adamlar garşy aldylar. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berdi.

Saparyň esasy çäreleri 21-nji oktýabrda meýilleşdirilýär.

Türkmenistanda geçiriljek ýokary derejeli gepleşikleriň dowamynda strategiki hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine serediler. Gepleşikleriň netijesinde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ondan gowrak resminama gol çekilmegi meýilleşdirilýär.

Şeýle hem saparyň maksatnamasy Aşgabatda döredilen “Daşkent” seýilgähiniň açylyş dabarasyny we “Horezm-Daşoguz” serhetýaka söwda zolagynyň gurluşygynyň başlanmagyny öz içine alýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022