Aşgabatda TSTB-niň döredilmeginiň 15 ýyllygyna bagyşlanan sergi öz işine başlady

Aşgabatda TSTB-niň döredilmeginiň 15 ýyllygyna bagyşlanan sergi öz işine başlady
Sergide TSTB-niň dürli ugurda iş alyp barýan agzalarynyň 200-den gowragy öz önümlerini we gazanan üstünliklerini görkezýär.

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýän Söwda-senagat edarasynda anna güni Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygyna bagyşlanan sergi öz işine başlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

TSTB-niň döredilmeginiň 15 ýyllygyna bagyşlanan sergide Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň dürli ugurda iş alyp barýan agzalarynyň 200-den gowragy öz önümlerini hem-de geçen döwürde gazanan üstünliklerini görkezýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu serginiň öz işine başlamagy mynasybetli senagatçylara we telekeçilere iberen gutlagynda geçen 15 ýylda birleşmäniň agzalarynyň ýeten sepgitleriniň hususy pudagyň döwletimiziň ykdysadyýetiniň esasy hereketlendiriji güýjüne öwrülendigine şaýatlyk edýändigini aýratyn belledi.

Günüň ikinji ýarymynda birleşmäniň agzalarynyň maslahaty geçirilip, onda täze taryhy döwürde Türkmenistanyň telekeçileriniň öňünde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar.

Söwda-senagat edarasynda geçirilýän sergide TSTB-niň düzümleýin edaralary, “Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky, Aşgabatda hem-de welaýatlarda giň gerimli döwlet taslamalaryny durmuşa geçirýän iri kärhanalar, hojalyk jemgyýetler öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar. Olarda birleşmäniň obasenagat toplumynda, azyk we gaýtadan işleýän senagatda iş alyp barýan agzalarynyň önümleridir hyzmatlary görkezilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, 2008-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bu günki gün Türkmenistanyň hususy işewürliginiň wekilleriniň 28 müňden gowragyny özünde jemleýär. Häzirki wagtda birleşmäniň agzalarynyň söwda boýunça haryt dolanyşygynyň depgini, 2008-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 39,3 esse ýokarlandy. Şu döwürde türkmen telekeçileri öz öndüren oba hojalyk we azyk önümleriniň ösüşini 130,4, senagat önümleriniň ösüş depginini bolsa 82,8 esse artdyrmagy başardylar.

2022