TDHÇMB-da $15,8 milliondan gowrak suwuklandyrylan gaz we benzin satyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-da $15,8 milliondan gowrak suwuklandyrylan gaz we benzin satyldy
Owganystanyň işewürleri suwuklandyrylan gazyň 8,5 müň tonnasyny satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) duşenbe güni daşary ýurt puluna geçiren söwdalarynda suwuklandyrylan gaz we göni arassalanan benzin satyldy. Geleşikleriň umumy bahasy 15 million 812 müň 500 ABŞ dollaryna deň boldy.

Owganystanyň işewürleri bir tonnasynyň bahasy 310 ABŞ dollaryna deň bolan suwuklandyrylan gazyň 8,5 müň tonnasyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 2 million 635 müň ABŞ dollaryna deň boldy.Bu barada TDHÇMB-nyň resmi saýtynda habar berilýär.

Şeýle hem Türkiýeden we Owganystandan gelen telekeçiler jemi bahasy 13 million 177 müň 500 ABŞ dollaryna deň bolan göni arassalanan benziniň 30 müň tonnasyny satyn aldylar. TDHÇMB-nyň söwdalarynda satylan bu önümiň bir tonnasynyň bahasy 439,25 ABŞ dollaryna deň boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdede daşary ýurt puluna geçiren söwdalarynyň möçberi 181 million 691 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

2022