Türkmenistan we Eýran “Howdan-Bajgyran” serhet geçelgesinde ýük awtoulaglaryň geçirilişini dikeltdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Eýran “Howdan-Bajgyran” serhet geçelgesinde ýük awtoulaglaryň geçirilişini dikeltdi
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň Horasan sebitindäki wekili “Bajgyran” serhet nokadyndan eýran ýük awtoulaglarynyň daşalýan ýükleriniň agramy 20 tonnadan geçmeli däldigini we olaryň Aşgabat şäherine barýan bolmalydygyny aýtdy.

Türkmen-eýran serhedindäki “Howdan- Bajgyran” gözegçilik-geçiriş nokadyndan ýük awtoulaglarynyň geçirilişi gaýtadan dikeldildi. Bu barada Eýranyň Daşary işler ministrliginiň Horasan sebitindäki wekili Mohammad Beheştiniň sözlerine salgylanyp, IRNA agentligi geçen hepdäniň penşenbe güni habar berdi.

Mohammad Beheştiniň aýtmagyna görä, iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmek maksady bilen, türkmen tarapy Eýranyň 10 sany ýük awtoulagyna “Howdan- Bajgyran” serhet gözegçilik-geçiriş nokadyndan geçmäge rugsat berdi. Bütin dünýäde dörän COVID-19 çäklendirmeleri sebäpli, “Howdan-Bajgyran” serhet gözegçilik-geçiriş nokady ýük awtoulaglary üçin üç ýylyň dowamynda wagtlaýyn ýapyk boldy. Habarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda türkmen-eýran serhedindäki ähli gözegçilik-geçiriş nokatlary arkaly ýükleri daşap bolýar.

Şeýle hem Eýranyň Daşary işler ministrliginiň Horasan sebitindäki wekili “Bajgyran” serhet nokadyndan eýran ýük awtoulaglarynyň daşalýan ýükleriniň agramy 20 tonnadan geçmeli däldigini we olaryň Aşgabat şäherine barýan bolmalydygyny aýtdy.

Türkmenistanyň we Eýranyň gümrük edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda 28-nji fewralda türkmen-eýran serhedindäki Howdan-Bajgyran barlag nokatlarynda geçirilen duşuşykda e-TIR elektron ulgamyny ulanmak boýunça teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022