Türkmenistanyň Belgiýadaky, Niderlandlar Patyşalygyndaky we Lýuksemburg Beýik Gersoglygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sapar Palwanow çarşenbe güni Lýuksemburgyň Beýik Gersogy Genrihe ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy habar berdi.
Ilçi Sapar Palwanow Lýuksemburgyň Beýik Gersogyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi we Türkmenistanyň mümkin bolan ähli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak isleýändigini aýtdy.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar sebitiň howpsuzlygy we ykdysady hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi we Lýuksemburgyň Beýik Gersogy iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda yzygiderli gepleşikleri guramagyň zerurdygyny nygtadylar.
Şeýle hem Sapar Palwanow döwletleriň ikitaraplaýyn syýasy, söwda, ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary täze derejä çykarmak üçin ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny aýtdy.
Lýuksemburgyň Beýik Gersogy Genrih öz gezeginde Türkmenistanyň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, ýagny metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça alyp barýan syýasatyny goldaýandygyny mälim etdi.
Mundan başga-da, türkmen ilçisi Türkmenistanyň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça umumy tagallalardan daşda durmaýandygyny, eýsem bu ugurda yzygiderli zerur çäreleri görýändigini aýtdy we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça milli meýilnamalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegini muňa mysal hökmünde görkezdi.