Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlarynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň synçylar toparyna ýolbaşçylyk edýän GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz 26-njy martda geçiriljek milli parlamentiň deputatlarynyň, ýerli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň agzalarynyň saýlawlarynyň Türkmenistanyň durmuşynda möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakadygyny belläp, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň adyna we GDA-nyň Baş sekretaryna saýlawlara syn etmäge gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Sergeý Lebedew GDA-nyň synçylar toparynyň işi barada habar berdi we ýurtda halkara synçylaryň netijeli işlemegi üçin ähli zerur şertleriň döredilendigini nygtady.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de GDA-nyň Baş sekretary Arkalaşygyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de däp bolan dostlukly döwletara hyzmatdaşlygyň okgunly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler.
Şeýle hem söhbetdeşligiň barşynda ykdysadyýet we söwda, energetika, ulag, aragatnaşyk, telekommunikasiýalar, ylym-bilim, medeni-ynsanperwer ulgamlar, GDA-nyň giňişliginde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek işinde özara gatnaşyklary pugtalandyrmak hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz hem-de myhman birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň bilelikdäki işiň toplanan köpýyllyk tejribesine esaslanyp, mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine we täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy.