Gazagystan rus-gazak serhet geçelgelerinden Türkmenistana we Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlaryna daşalýan däneli, üwelýän önümlerden we nebit önümlerinden başga harytlar üçin 40 göterim arzanladyş girizer. Bu barada RŽD-nyň metbugat gullugyna salgylanyp, TASS habarlar gullugy anna güni habar berdi.
Türkmenistanyň demir ýollary boýunça Akýaýla serhet geçelgesinde 50 göterim, Sarahs ýük meýdançasynda harytlaryň ýüklenilen ýagdaýynda (Eýrana we soňra Hindi ummanynyň portlaryna tarap) 40 göterim arzanladyş bolar.
Russiýanyň demirýollary (RŽD) şu ýylyň birinji çärýeginde Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesi boýunça ýük daşamalaryň mukdarynyň geçen ýyl bilen deňeşdirilende iki esse artmagyna we 2,3 million tonnadan gowrak bolmagyna garaşýar.
RŽD-nyň metbugat gullugynyň sişenbe güni habar bermegine görä, Russiýanyň demirýollary bilen “Türkmendemirýollary” agentligi ýakyn wagtda Aşgabatda we Moskwada wekilhanalaryny açmagy meýilleşdirýär.