Azerbaýjanda garaýollar arkaly halkara ýük daşamalarynda ýanyjy materiallary daşamakda alynýan töleg ýatyryldy we degişli Buýruk 30-njy martda güýje girizildi. Bu barada Türkiýäniň Ulag we infrastruktura ministrligine salgylanyp, Türkiýäniň “Anadolu” agentligi anna güni habar berdi.
Şeýle hem Azerbaýjanda şähere girýän agyr ýük awtoulaglaryndan alynýan salgytlar ýatyryldy.
Azerbaýjan serhet geçelgelerinde alýan töleglerini hem ep-esli azaltdy. Agyr ýük awtoulaglary üçin iň ýokary çäk halkara ülňülerine laýyk getirilip, 41 tonna çenli ýokarlandyryldy.
Habarda bellenilmegine görä, täze düzgünler Azerbaýjana, şeýle hem Azerbaýjanyň üsti bilen Russiýa, Özbegistana, Türkmenistana we Gazagystana ulag hyzmatlaryny amala aşyrýan Türkiýäniň ýük daşaýjylaryna ýeňillik döreder.
Bu Düzgünnama Azerbaýjanyň üsti bilen üstaşyr gatnawy ýeňilleşdirer we Gündogar-Günbatar Transhazar halkara ulag geçelgesini has hem ýokarlandyrar diýip garaşylýar.
Gündogar-Günbatar Transhazar halkara ulag geçelgesi Merkezi Aziýa bilen Hazar sebitini Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa birleşdirýär.