Daşoguzly telekeçi şu ýyl gündogar süýjüliginiň 54 tonna golaýyny öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşoguzly telekeçi şu ýyl gündogar süýjüliginiň 54 tonna golaýyny öndürdi
Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabyndaky konditer kärhanada gündogar süýjüligi hasaplanylýan nabadyň hem-de beýleki dürli görnüşli karamelleriň ençeme görnüşi öndürilýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Ismail Ismailowa degişli kärhanada şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda jemi 54 tonna golaý konditer önümleri öndürdi. Bu barada “Rysgal gazeti” duşenbe güni habar berdi.

Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň çäginde ýerleşýän konditer kärhanasynda gündogar süýjüligi hasaplanylýan nabadyň hem-de beýleki dürli görnüşli karamelleriň ençeme görnüşi öndürilýär.

Kärhanada hünärmenleriň onlarçasy zähmet çekip, olar bu ýerde ornaşdyrylan daşary ýurtlaryň kämil tehnologiýaly enjamlaryna ussatlyk bilen erk edýärler.

Gadymy usul boýunça taýýarlanylýan nabatlar 0,5; 1; 2 hem-de 5 kilogramlyk gaplara gaplanylyp, täzeligi bilen içerki sarp edijilere ýetirilýär.

2022