Maryly telekeçiniň guşçulyk toplumynda günde 75 müňe golaý ýumurtga alynýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Maryly telekeçiniň guşçulyk toplumynda günde 75 müňe golaý ýumurtga alynýar
Guşçulyk toplumynda ýumurtga ugurly towuklaryň 86 müňüsi idedilýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Anna Orazmämmedowa degişli guşçulyk toplumynda her gün 75 müňe golaý ýumurtga alynýar. Bu barada “Rysgal gazeti” duşenbe güni habar berdi.

Mary welaýatynyň Mary etrabynda ýerleşýän guşçulyk toplumynda towuklaryň etlik we ýumurtga berýän görnüşleriniň müňlerçesi talabalaýyk idedilýär. Bu ýerde ýumurtga ugurly towuklaryň 86 müňüsi idedilip, olardan alynýan ýumurtgalar gabarasynyň iriligi, tagamlylygy bilen tapawutlanýarlar.

Habarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda etlik towuklaryň 100 müňe golaýy önümçilige goýberlip, olar “Kekeç” haryt nyşany bilen söwda nokatlaryna ugradyldy.

Telekeçi Anna Orazmämmedowa uzak möhletleýin bölünip berlen 100 gektar ýeriň 80 gektarynda guşçulyk toplumy üçin iýmlik däneli ekinleri hem ösdürip ýetişdirýär. Ol ekinlerden ýylyň-ýylyna bol hasyl alnyp, guşçulyk toplumynda idedilýän towuklar hemişe göwnejaý iýmitlendirilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022