TDHÇMB-da sişenbe güni karbamid we uçar kerosini satyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-da sişenbe güni karbamid we uçar kerosini satyldy
Beýik Britaniýanyň Birleşen Patyşalygynyň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “B” kysymly karbamidiň 100 müň tonnasyny satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) sişenbe güni geçiren söwdalarynda karbamid we uçar kerosini satyldy. Geleşikleriň umumy bahasy 23 million 75 müň 250 ABŞ dollaryna deň boldy.

Beýik Britaniýanyň Birleşen Patyşalygynyň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna “B” kysymly karbamidiň 100 müň tonnasyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 18 million 100 müň ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada TDHÇMB-nyň resmi saýtynda habar berilýär.

Şeýle hem Özbegistandan gelen telekeçi jemi bahasy 4 million 975 müň 250 ABŞ dollaryna deň bolan TC-1 uçar kerosininiň 7 müň tonnasyny satyn aldy. TDHÇMB-nyň söwdalarynda satylan bu önümiň bir tonnasynyň bahasy 710,75 ABŞ dollaryna deň boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 20 million 86 müň ABŞ dollaryna deň boldy.

2022