TDHÇMB-da çarşenbe güni $24,5 milliondan gowrak söwda boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-da çarşenbe güni $24,5 milliondan gowrak söwda boldy
BAE-niň we Owganystanyň telekeçileri gidroarassalanan dizel ýangyjynyň 30 müň tonnasyny satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) çarşenbe güni daşary ýurt puluna geçiren söwdalarynda suwuklandyrylan gaz, gidroarassalanan dizel ýangyjy we ýüplük satyldy. Geleşikleriň umumy bahasy 24 million 531 müň 500 ABŞ dollaryna deň boldy.

Owganystandan gelen işewürler jemi bahasy 2 million 134 müň ABŞ dollaryna deň bolan suwuklandyrylan gazyň 6 müň tonnasyny satyn aldylar. Bu barada TDHÇMB-nyň resmi saýtynda habar berilýär.

Şeýle hem BAE-niň we Owganystanyň telekeçileri daşary ýurt puluna bir tonnasynyň bahasy 629,75 ABŞ dollaryna deň bolan gidroarassalanan dizel ýangyjynyň 30 müň tonnasyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 18 million 892 müň 500 ABŞ dollaryna barabar boldy.

Mundan başga-da, Türkiýeli işewürler umumy bahasy 3 million 505 müň ABŞ dollaryna deň bolan ýüplük satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 20 million 86 müň ABŞ dollaryna deň boldy.

2022