Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýe gümrük hyzmatdaşlygy boýunça maslahat toparyny dörederler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýe gümrük hyzmatdaşlygy boýunça maslahat toparyny dörederler
Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Döwlet Baştutanlarynyň Birinji Sammiti, 2022-nji ýylyň 14-nji dekabry, Awaza, Türkmenistan (Surat: president.az)

Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýe gümrük hyzmatdaşlygy boýunça bilelikdäki geňeş toparyny dörederler. Bu barada APA habarlar gullugy penşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew “Gümrük hyzmatdaşlygy boýunça bilelikdäki Konsultatiw topary döretmek barada Türkmenistanyň Hökümetiniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň we Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamany” tassyklamak barada Permana gol çekdi.

Degişli Ähtnama 2022-nji ýylyň 14-nji dekabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Döwlet Baştutanlarynyň Birinji Sammitiniň netijeleri boýunça gol çekildi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň we Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň, şeýle hem üç ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde geçirilen duşuşygyň netijeleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi.

 

2022