OPEC+ ýurtlarynyň birnäçesi nebit önümçiligini azaldýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
OPEC+ ýurtlarynyň birnäçesi nebit önümçiligini azaldýar
OPEC+ ýurtlaryna OPEC guramasynyň agza-ýurtlarynyň 13-si we dünýäniň iri nebit-eksportýorlary degişlidir.

OPEC+ ýurtlarynyň birnäçesi, şol sanda iň uly nebit öndüriji Saud Arabystany 2023-nji ýylyň maý aýyndan başlap şu ýylyň ahyryna çenli nebit önümçiligini meýletin azaltmaga başlady. Bu barada “TASS” agentligi duşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, önümçiligiň azaldylmagynyň umumy möçberi günde 1,66 million barrele (b/g) barabar bolar.

OPEC+ guramasynyň dokuz sany agza-ýurdy nebit önümçiligi boýunça goşmaça çäklendiriji çäreleri yglan etdi.

Saud Arabystany önümçiligi meýletin ýagdaýda günde 500 müň barrel, Yrak 211 müň barrel, BAE 144 müň barrel, Kuweýt 128 müň barrel, Gazagystan 78 müň barrel, Alžir 48 müň barrel, Oman 40 müň barrel, Gabon bolsa 8 müň barrel azaldar.

Şeýle hem Russiýa bolsa iýul aýyna çenli dowam eden fewraldaky 500 müň b/g önümçilik çäklendirmelerini ýylyň ahyryna çenli uzaltdy.

Önümçiligiň mukdaryny meýletin azaldylmaklyk 2022-nji ýylyň noýabryndan bäri hereket edýän OPEC+ ýurtlarynyň önümçiligi 2 million barrele çenli azaltmak boýunça meýilnamasyna goşmaça bolup hyzmat eder.

OPEC+ ýurtlaryna OPEC guramasynyň agza-ýurtlarynyň 13-si we dünýäniň iri nebit-eksportýorlary, ýagny Azerbaýjan, Bahreýn, Bruneý, Gazagystan, Malaýziýa, Meksika, Oman, Russiýa, Sudan we Günorta Sudan degişlidir. OPEC+ ýurtlarynyň esasy wezipesi dünýä bazarynda nebitiň bahasyny kesgitlemek üçin nebitiň eksportyny düzgünleşdirmekden ybarat bolup durýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022