Owganystan sebitara gatnaşygyny ýokarlandyrmak üçin demirýol ulgamyny gurmagy meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Owganystan sebitara gatnaşygyny ýokarlandyrmak üçin demirýol ulgamyny gurmagy meýilleşdirýär
Bu demirýol ulgamy Gündogar Aziýany Eýran, Türkiýe we Ýewropa bilen birleşdirýän Owganystanyň dokuz welaýatynyň 37 sany etrabyndan geçer. (Surat:vid.alarabia.net)

Owganystan sebitara gatnaşygyny we üstaşyr gatnawlary ýokarlandyrmak maksady bilen uly göwrümli demirýol ulgamyny gurmagy meýilleşdirýär. Bu barada Owganystanyň Ykdysady işler boýunça wise-premýeriniň edarasynyň ýaýradan beýanatyna salgylanyp, Türkiýäniň “Anadolu” agentligi duşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, “Mazar-e-Sharif-Herat-Kandahar” demirýol taslamasy ýurduň Ykdysady Komissiýasy tarapyndan tassyklanyldy we diňe içerki girdejiler tarapyndan maliýeleşdiriler. 1468 kilometre uzaýan bu demirýol ulgamy gurlup tamamlanylandan soň Gündogar Aziýany Eýran, Türkiýe we Ýewropa bilen birleşdirýän Owganystanyň dokuz welaýatynyň 37 sany etrabyndan geçer. Bu demirýol Russiýa bilen Merkezi Aziýany Günorta Aziýa, şeýle hem Owganystany Çabahar we Bandar Abbas portlary we Pakistanyň Karaçi we Gwadar portlary bilen birleşdirýän Moskwa bilen Nýu-Deliniň arasynda “iň gysga we tygşytly” ýoly döretmegi maksat edinýär.

Bu taslama iki tapgyrda gurlup, onuň birinji tapgyry 657 kilometre, ikinji tapgyry bolsa 811 kilometre deňdir. Taslamanyň birinji tapgyry şu ýyl işlenilip başlanar diýlip, habarda bellenilýär.

Owganystanyň demir ýollary müdirliginiň Hyrat şahamçasynyň we “Türkmendemirýollary” agentliginiň wekiliýetleriniň arasynda 18-nji fewralda geçirilen duşuşykda Serhetabat-Turgundy demir ýolunyň ugry boýunça ýük daşamalary artdyrmak barada ylalaşyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022