Raşid Meredow ABŞ bilen hyzmatdaşlygyň “Ýol kartasyny” taýýarlamagyň tekliplerini hödürledi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Raşid Meredow ABŞ bilen hyzmatdaşlygyň “Ýol kartasyny” taýýarlamagyň tekliplerini hödürledi
Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda her ýyl geçirilýän ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň dokuzynjy tapgyry, 2023-nji ýylyň 24-nji apreli, Waşington, ABŞ

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow duşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna 2023-2024-nji ýyllar üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen hyzmatdaşlygyň “Ýol kartasyny” taýýarlamak baradaky teklipleri hödürledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylyk etmegindäki türkmen wekiliýetiniň 23-24-nji aprelde Waşingtona eden iş saparynyň dowamynda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen “Ýol kartasyny” taýýarlamak boýunça birnäçe anyk teklipler işlenip taýýarlanyldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministri iki ýurduň gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadyny berkitmek üçin teklipleri, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda guraljak dürli derejedäki saparlaryň Çarçuwaly meýilnamasyny taýýarlamak baradaky teklipleri hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny amala aşyryp, gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklara hemişe açykdygyny belledi.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen duşuşyk geçirdi. Onuň dowamynda sebitleýin ösüşe, howpsuzlyk hyzmatdaşlygyň, şeýle hem ykdysady hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garaldy.

Mundan başga-da, türkmen wekiliýeti ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň energetika meseleleri boýunça kömekçisi Jeffri Paýett bilen duşuşyk geçirdi. Şunda amerikanyň öňdebaryjy işewür düzümleriniň gatnaşmagynda iri taslamalary durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna, aýratyn-da, Ýewropa ugry boýunça ugratmak meselelerine möhüm üns berildi. Şol bir wagtyň özünde sebitara we halkara ähmiýetli giň möçberli taslamalaryň yzygiderli amala aşyrylmagynyň wajypdygy bellenildi. Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň we Türkmenistan – Owganystan – Pakistan elektrik geçiriji ulgamyň gurluşyklary wajyp taslamalaryň hatarynda görkezildi.

2022