Türkmenistanyň Daşary işler ministri Waşingtonda Entoni Blinken bilen duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Waşingtonda Entoni Blinken bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinkeniň arasynda geçirilen duşuşyk, 2023-nji ýylyň 24-nji apreli, Waşington, ABŞ (Surat: Entoni Blinkeniň "Twitter" sahypasy)

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow duşenbe güni Waşingtonda ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat gullugy habar berdi.

Bu duşuşyk iki ýurduň arasynda her ýyl geçirilýän ikitaraplaýyn geňeşmeleriň çäginde gurnaldy.

Duşuşykdan öň Döwlet departamentinde metbugata eden ýüzlenmesinde ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken iki aý mundan ozal Gazagystanyň paýtagty Astanada geçirilen “C5+1” ministrler derejesindäki duşuşygyň çäklerinde hem Türkmenistanyň baş diplomaty Raşid Meredow bilen duşuşandygyny aýtdy.

Öz çykyşynda Entoni Blinken ABŞ-nyň Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny, garaşsyzlygyny we çäk bitewiligini goldaýandygyny aýtdy. Şeýle-de ol howanyň üýtgemegi bilen göreşmek babatda nebitgaz pudagyndan metanyň zyňyndylaryny azaltmagyň ähmiýetini nygtap, bu ugurda Türkmenistan bilen işleşmek boýunça mümkinçilikleri belläp geçdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow öz gezeginde ABŞ-nyň Döwlet departamentindäki kärdeşleri bilen geçirilen syýasy geňeşmelerde Türkmenistan bilen ABŞ-nyň energiýa, ykdysadyýet, adam hukuklary ýaly dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy bilen baglanyşykly birnäçe meseleleri maslahatlaşandyklaryny aýtdy.

Waşingtonda geçirilen duşuşykda taraplar medeni we bilim hyzmatdaşlygyny, şeýle-de Türkmenistanda zähmet hukuklarynyň berjaý ediliş derejesini has hem kämilleşdirmek barada-da pikir alyşdylar diýlip, duşuşykdan soň Döwlet departamentiniň ýaýradan metbugat beýanatynda aýdylýar.

Ikitaraplaýyn gepleşikler sebitleýin ösüşi, howpsuzlyk hyzmatdaşlygyny we ykdysady hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini hem öz içine aldy diýlip, beýanatda mälim edilýär.

Ýyllyk ikitaraplaýyn geňeşmeler (ABC) 2009-nji ýylda döredilip, ol Türkmenistanyň we ABŞ-nyň ýokary derejeli resmileriniň arasynda gepleşikleri geçirmek üçin platforma bolup durýar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystanyň paýtagty Astanada 28-nji fewralda geçirilen “C5+1” ministrler derejesindäki duşuşykda Türkmenistanyň ABŞ bilen ikitaraplaýyn geňeşmeleri geçirmäge ygrarly bolup galýandygyny mälim etdi.

2022