Aşgabatda halkara awtoulag gatnawlary boýunça türkmen-rumyn toparynyň mejlisi geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda halkara awtoulag gatnawlary boýunça türkmen-rumyn toparynyň mejlisi geçirildi
Halkara awtoulag gatnawlary boýunça türkmen-rumyn bilelikdäki toparynyň 2-nji mejlisinden bir pursat, 2023-nji ýylyň 2-nji maýy, Aşgabat, Türkmenistan

Aşgabatda sişenbe güni Halkara awtoulag gatnawlary boýunça türkmen-rumyn bilelikdäki toparynyň 2-nji mejlisi geçirildi. Bu barada “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň resmi internet sahypasynda habar berilýär.

Mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň "Türkmenawtoulaglary" agentliginiň wekilleri we Rumyniýanyň Ulag we infrastruktura ministrliginiň Döwlet sekretary, Gara deňiz — Hazar deňzi Halkara ulag geçelgesi strategiki taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça işçi toparyň utgaşdyryjysy Adrian George Fogişiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.

Mejlisiň dowamynda iki ýurduň arasynda halkara ýük awtoulag gatnawlary, halkara awtomobil gatnawlarynyň ýagdaýy we olary geljekde ösdürmegiň mümkinçilikleri bilen bagly meselelere seredildi. Şeýle hem, iki ýurduň ulag pudagynyň edaralarynda alnyp barylýan işler we mümkinçilikler bilen tanyşdyryldy hem-de taraplar özleriniň ulag-logistika pudagynyň ösüşi barada çykyş etdiler.

Şeýle hem taraplar “Gara deňiz — Hazar deňzi” halkara ulag geçelgesiniň döredilmegine aýratyn üns berýändiklerini aýdyp, bu taslama boýunça Türkmenistanyň, Rumyniýanyň, Gruziýanyň we Azerbaýjanyň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň taslamasy boýunça alnyp barylýan işlere kanagatlanma bildirdiler. Mejlise gatnaşyjylar bu halkara ulag geçelgesiniň Merkezi Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda halkara ýük gatnawlarynyň we logistikanyň ösdürilmegine uly ýardam berjekdigi barada belläp geçdiler.

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, logistika arkaly söwdany artdyrmak, söwda we logistika ulgamyny sanlylaşdyrmak, ulag we logistika düzümleriniň baglanyşygyny ösdürmek baradaky meseleleriň hem-de “Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyndan” gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine we gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerine seredildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022