Türkmen ilçisi Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy bilen duşuşar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen ilçisi Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy bilen duşuşar
Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýen (Surat: Ursula fon der Lýaýenyň "Instagram" sahypasy)

Türkmenistanyň Belgiýadaky, Niderlandlar Patyşalygyndaky we Lýuksemburg Beýik Gersoglygyndaky ilçisi Sapar Palwanow sişenbe güni Ýewropa Komissiýasynyň protokol bölüminiň başlygy Pernilla Hölin bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen ilçisiniň Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýena ynanç hatynyň asyl nusgasyny gowşurmak dabarasyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem Sapar Palwanow we Pernilla Hölin Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) arasyndaky gatnaşyklary ýola goýmakda möhüm ädim bolan ynanç hatyny gowşurmak dabarasyna zerur bolan taýýarlyklary gözden geçirdiler.

Duşuşygyň çäginde türkmen diplomaty Türkmenistanyň ÝB-nyň ýanyndaky wekili hökmünde Ýewropa Komissiýasynyň protokol bölüminiň başlygyna ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi we Ýewropa Komissiýasynyň protokol bölüminiň başlygy Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda geljekde geçiriljek ýokary derejeli saparlary ara alyp maslahatlaşdylar we gepleşikleriň, şeýle hem özara hyzmatdaşlygyň möhümdigini nygtadylar.

 

2022