Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde 39 sany 2 gatly kottej görnüşli ýaşaýyş jaýy, şeýle hem 9 sany 4 gatly ýaşaýyş jaýy gurlar.
Bu maksat bilen Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher häkimligi ýaşaýyş jaýlarynyň taslamasyny işläp taýýarlamak we gurmak boýunça potratçylary seçip-saýlap almak üçin iki sany bäsleşik yglan etdi. Bu bäsleşikler “Balkan” gazetinde çap edildi.
Bäsleşige görä, gurulmagy göz öňünde tutulýan 9 sany 4 gatly ýaşaýyş jaýyň 4-si Balkanabat şäheriniň S.Orazow köçesiniň ugrunda, 5-si bolsa bu şäheriň 216-njy ýaşaýyş jaý toplumynda gurlar.
Şeýle hem 9 sany 4 gatly ýaşaýyş jaýyň 5-si 40 öýli, 2-si 48 öýli ýene-de iki sanysy 32 öýli jaýlardan ybarat bolar.
Bäsleşige gatnaşmak üçin isleg bildirýänler degişli resminamalary Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher häkimliginiň senagat, gurluşyk, jemagat hojalyk işlerini utgaşdyryjy bölüminden alyp biler.