Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni iki günlük döwlet sapary bilen Täjigistana bardy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Duşenbe şäheriniň Halkara Howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentiniň sapary mynasybetli iki ýurduň Döwlet baýdaklary galdyryldy. Türkmenistanyň Döwlet Baştutanyny Täjigistanyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda we beýleki resmi adamlar garşyladylar.
Habarda bellenilişi ýaly, soňra howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen täjik tarapynyň resmi wekiliniň gysga wagtlyk söhbetdeşligi boldy.
Täjigistanyň "Howar" agentliginiň habar bermegine görä, bu saparyň çäginde Täjigistan bilen Türkmenistanyň arasynda ýokary derejeli duşuşyklaryň we gepleşikleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şeýle hem saparyň meýilnamasyna laýyklykda Täjigistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ýokary derejeli gepleşikleriň netijeleri boýunça hyzmatdaşlyk barada birnäçe resminama gol çekiler.
Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde 8-9-njy maý aralygynda türkmen-täjik işewürlik forumy, Täjigistan bilen Türkmenistanyň işewürler geňeşiniň ilkinji mejlisi we iki ýurduň eksport harytlarynyň sergisi geçirildi.