TDHÇMB-da şenbe güni $22,6 milliondan gowrak söwda boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-da şenbe güni $22,6 milliondan gowrak söwda boldy
TDHÇMB-da geçirilýän söwdalar, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) şenbe güni daşary ýurt puluna geçiren söwdalarynda az kükürtli ýakyş mazudy satyldy. Geleşikleriň umumy bahasy 22 million 665 müň ABŞ dollaryna deň boldy.

BAE-den we Maltadan gelen işewürler bir tonnasynyň bahasy 377,75 ABŞ dollaryna barabar bolan az kükürtli ýakyş mazudynyň 60 müň tonnasyny satyn aldylar. Bu barada TDHÇMB-nyň resmi saýtynda habar berilýär.

Mundan başga-da, türkmen telekeçisi içerki bazar üçin bir tonnasynyň bahasy 1575 manada deň bolan bentonit ürgüniniň 20 tonnasyny satyn aldy. Geleşigiň umumy bahasy 31 müň 500 manada barabar boldy.

TDHÇMB-nyň söwdalarynda satylan bu önüm “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürildi.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdede daşary ýurt puluna geçiren söwdalarynyň möçberi 78 million 89 müň 475 ABŞ dollaryna barabar boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022