“Ak Depe Hyzmat” mosarella peýniriniň önümçiligini ýola goýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
 “Ak Depe Hyzmat” mosarella peýniriniň önümçiligini ýola goýar
Mosarella peýniriniň önümçiliginden bir pursat (surat: apsfood.ru)

“Ak Depe Hyzmat” hojalyk jemgyýeti mosarella peýniriniň önümçiligini Türkmenistanda ilkinji bolup ýola goýar. Bu barada “Rysgal gazeti” duşenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Ak Depe Hyzmat” hojalyk jemgyýetiniň süýt we süýt önümleri kärhanasy Aşgabat şäheriniň Gypjak ýaşaýyş toplumynda ýerleşip, umumylykda, 4,2 gektar meýdany tutýar.

Bu ýerde Awstriýa, Italiýa, Germaniýa ýaly öňdebaryjy Ýewropa ýurtlarynyň iň kämil tehnologiýaly enjamlary ornaşdyrylyp, kärhanada onlarça işçi hünärmen zähmet çekýär. Ýyllyk kuwwatlylygy 1 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen kärhanada süýt we süýt önümleriniň ençeme görnüşi öndürilýär.

“Ak Depe Hyzmat” hojalyk jemgyýetiniň önümçilik kärhanasynda “Iner” haryt nyşany bilen ýaglylygy 3,2%-li pasterizirlenen süýt, 0,5 hem-de 1 litrlik gaplara gaplanýan gatyk, 1 görnüşli çig gaýmak, şonuň ýaly-da, klassyky uýadylan tagamly gatyk bolan rýaženka, 2 görnüşli biokefir, ýogurt, we uýadylan gaýmak öndürilýär.

Kärhana önümçilikde ulanylýan çig mal bolan süýdi Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýerleşýän “Ajaýyp ussat halal önümleri” hojalyk jemgyýetiniň maldarçylyk toplumyndan alýar.

Mosarella “mozzarella” diýen italýan sözünden bolup, Italiýanyň Kampaniýa sebitinde dörän we italýan aşhanasyna degişli peýnir görnüşidir. Gaty görnüşli mosarella, esasan, gyzgyn naharlar üçin peýdalanylýar.

2022