Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) 2030-njy ýyla çenli Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesi boýunça logistika taslamasy üçin umumy serişdeleriň 2 trillion ABŞ dollaryndan geçmegine garaşýar. Bu barada BAE-niň Daşary söwda ministri Tani bin Ahmed Al Zeýudi 18-19-njy maý aralygynda Tatarystanyň Kazan şäherinde geçirilen “Russiýa — Yslam dünýäsi: Kazan Forum — 2023” XIV halkara ykdysady forumynda eden çykyşynda aýtdy.
Halkara ykdysady forumyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, BAE bu logistika işini ösdürmäge dünýä ýurtlarynyň 100-e golaýynyň gatnaşjakdygyny çaklaýar.
Mundan başga-da, Tani bin Ahmed Al Zeýudi Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň geljegi uly ugurlaryň biridigini belläp, bu halkara geçelgäni we Afrika çenli ugurlary ösdürmekde innowasiýalary ulanyp boljakdygyny aýtdy.
“Taslama biziň we beýleki ýurtlaryň bazarlaryny ösdürmäge mümkinçilik berer. Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesi bizi diňe Russiýa bilen däl, eýsem Merkezi Ýewropa we Aziýa ýurtlary bilen hem baglanyşdyrar” diýip, BAE-niň Daşary söwda ministri belledi.
Şeýle hem foruma gatnaşyjylar, hususan-da Russiýa we Ýewraziýa ýurtlary Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesini ösdürmek boýunça pikir alyşdylar. Bu ösüş taslama konteýnerli ýük daşamalaryň 15-30 esse artdyrylmagyny öz içine alýar.