Daşoguzly telekeçiniň kärhanasynda erikden, almadan we gawundan kak önümleri taýýarlanylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşoguzly telekeçiniň kärhanasynda erikden, almadan we gawundan kak önümleri taýýarlanylýar
Telekeçi Gaýyp Begliýewiň hususy kärhanasynda kak taýýarlamak üçin dürli görnüşli miweler şertnama esasynda ýerli telekeçilerden satyn alynýar. (Surat: yandex.ru)

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Gaýyp Begliýewiň önümçilik kärhanasynda erikden, almadan we gawundan kak önümleri taýýarlanylýar. Bu barada TSTB-nyň metbugat gullugy penşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, telekeçi Gaýyp Begliýewiň hususy kärhanasy Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda ýerleşip, ol ýokary öndürijilikli döwrebap enjamlar bilen üpjün edilendir.

Telekeçi Gaýyp Begliýewiň hususy kärhanasynda kak taýýarlamak üçin dürli görnüşli miweler şertnama esasynda ýerli telekeçilerden satyn alynýar. Türkmen topragynda ýetişen miweler ekologiýa taýdan arassalygy, tebigylygy, aýratyn tagamlylygy bilen tapawutlanýarlar.

“Ýedi ýyldyz” haryt nyşanly miwe kaklary taýýar önüm görnüşinde gaplara gaplanylyp, Türkmenistanyň söwda nokatlaryna ugradylýar.

2022