Eýran türkmen gazyny göni import etmäge gyzyklanma bildirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Eýran türkmen gazyny göni import etmäge gyzyklanma bildirýär
Majid Çegeni häzirki wagtda Eýranyň Türkmenistandan Azerbaýjana gaz alyş-çalyş ylalaşygyna gatnaşýandygyny we oňa laýyklykda Eýranyň her gün 10 million kub metr türkmen gazyny alýandygyny mälim etdi. (Surat: hurriyet.com)

Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň (NIGC) ýerine ýetiriji direktory, Eýranyň Nebitgaz senagaty Ministriniň orunbasary Majid Çegeni ýurduň Türkmenistandan tebigy gazy göni import etmegi göz öňünde tutýandygyny we häzirki wagtda bu ugurda iki goňşy ýurduň arasynda gepleşikler alnyp barylýandygyny mälim etdi. Bu barada Eýranyň Söwda, senagat, magdan we oba hojalygy edarasy ýekşenbe güni habar berdi.

Şeýle hem Majid Çegeni häzirki wagtda Eýranyň Türkmenistandan Azerbaýjana gaz alyş-çalyş ylalaşygyna gatnaşýandygyny we oňa laýyklykda Eýranyň her gün 10 million kub metr türkmen gazyny alýandygyny hem-de şol mukdarda gazyň Azerbaýjana iberilýändigini aýtdy.

Ýakynda Eýranyň Nebitgaz senagaty Ministriniň orunbasary habarçylara Pakistanyň, Owganystanyň we Omanyň Eýrandan gaz satyn almaga taýýardyklaryny mälim etdi.

Mundan başga-da, Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Türkiýäniň eýran gazynyň importyny artdyrmak isleýändigini aýtdy we iki tarapyň bilermenleriniň bar bolan gaz şertnamasyny uzaltmak meselesine garaýandyklaryny aýtdy.

Eýranyň öňki senenamasy boýunça 1401-nji ýylda (2023-nji ýylyň 20-nji martynda tamamlandy) alyş-çalşyk usuly arkaly türkmen tebigy gazynyň Azerbaýjana eksporty ondan öňki ýyl bilen deňeşdirilende 358 göterim artdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022