Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Aşgabatda Günorta Koreýanyň “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd” kompaniýasynyň esaslandyryjysy we müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Koreýa Respublikasy bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýändigini nygtady we türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlar boýunça okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi.
Duşuşygyň dowamynda koreý kompaniýalarynyň türkmen bazarynda üstünlikli işleýändikleri, gaz we himiýa senagatynda hem-de beýleki pudaklarda iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandyklary aýdyldy.
Şeýle-de söhbetdeşlikde “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd” kompaniýasynyň arasynda himiýa senagatynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklar üstünlikli hyzmatdaşlygyň oňyn mysaly hökmünde görkezildi. Türkmenistanyň himiýa senagatyny ösdürmek, hususan-da, fosfor, ammiak hem-de karbamid dökünlerini öndürmek boýunça taslamalary düzmek we olary gurmak boýunça koreý hyzmatdaşlarynyň tekliplerine garamaga taýýardygy bellenildi.
Mundan başga-da, ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleri nazara almak bilen, koreý kompaniýalarynyň “akylly” şäherleri gurmak hem-de olary dolandyrmak, ýokary tehnologiýalary ulanmak boýunça toplan öňdebaryjy tejribesi, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamynda gazananlary Türkmenistanda uly gyzyklanma döredýär. Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr.
Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Daewoo Engineering & Сonstruсtion Сo., Ltd” kompaniýasynyň esaslandyryjysy we müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju bilen geçiren duşuşygynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.