Eýran günde takmynan 10 million kub metr türkmen tebigy gazyny import eder. Bu barada Eýranyň Nebit ministri Jawad Owji Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Amanow bilen sişenbe güni Tähranda geçirilen duşuşygyň netijeleri boýunça habarçylara beren interwýusynda aýtdy.
Şeýle hem Jawad Owji türkmen gazynyň importynyň şu aýda başlanylmagynyň meýilleşdirilýändigini mälim etdi. Bu barada Eýranyň “Mehr” agentligi sişenbe güni habar berdi.
Eýranyň Nebit ministriniň aýtmagyna görä, Türkmenistandan tebigy gazyň import edilmegi sebäpli ýurduň demirgazyk-gündogaryndaky gaz akymynyň ýokarlanmagyna garaşylýar.
Mundan başga-da, Eýranyň Energetika ministri Ali Akbar Mehrabian Türkmenistan bilen Eýranyň alyş-çalşyk usuly arkaly elektrik üpjünçiliginiň mukdaryny 1000 megawat sagata çenli artdyrjakdygyny aýtdy.