Eýranyň diplomaty: Eýran-Oman-Türkmenistan-Özbegistan geçelgesi işe giriziler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Eýranyň diplomaty: Eýran-Oman-Türkmenistan-Özbegistan geçelgesi işe giriziler
Aşgabat Ylalaşygynyň esasy maksady Ýewraziýa sebitindäki hyzmatdaşlygy berkitmek we ony Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesi ýaly beýleki ulag geçelgeleri bilen utgaşdyrmakdyr. (Surat: nournews.ir)

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň Pars aýlagy boýunça meseleler bölüminiň baş müdiri Alireza Enaýati geljekde Omany, Eýrany, Türkmenistany we Özbegistany birleşdirýän ulag geçelgesiniň işe giriziljekdigini habar berdi. Bu barada Eýranyň “Tehran Times” gazeti sişenbe güni habar berdi.

Alireza Enaýati IRNA agentligine beren interwýusynda Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik Al Saidiň Tährana amala aşyran sapary barada aýdyp, geçen ýyl Eýran bilen Omanyň arasyndaky söwdanyň 2 milliard ABŞ dollaryna ýetendigini belledi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň Pars aýlagy boýunça meseleler bölüminiň baş müdiri Eýran bilen Omanyň arasynda ulag we ýük daşama pudagynda hem öňegidişlikleriň bardygyny aýtdy we Omanyň Soltanynyň Tährana sapary wagtynda ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň arasynda ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygynyň bardygyny belledi.

Alireza Enaýatiniň aýtmagyna görä, Eýranyň, Omanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky harytlaryň üstaşyr geçmegini kadalaşdyrýan Aşgabat Ylalaşygynyň işjeňleşdirilmegi boýunça Tähran bilen Maskatyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Aşgabat Ylalaşygy Gazagystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň, Hindistanyň, Pakistanyň we Omanyň hökümetleriniň arasynda Merkezi Aziýa bilen Pars aýlagynyň arasynda haryt daşamaklygy ýeňilleşdirýän halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek baradaky multimodal ulag ylalaşygydyr. Bu ylalaşyk 2016-njy ýylyň aprelinde güýje girizilip, Türkmenistan ylalaşygy esaslandyryjy döwlet bolup çykyş edýär.

Aşgabat Ylalaşygynyň esasy maksady Ýewraziýa sebitindäki hyzmatdaşlygy berkitmek we ony Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesi ýaly beýleki ulag geçelgeleri bilen utgaşdyrmak bolup durýar.

2022