“HIF Global” kompaniýasy ýelden ýangyç öndürmek başlangyjyny öňe sürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
 “HIF Global” kompaniýasy ýelden ýangyç öndürmek başlangyjyny öňe sürdi
“Haru Oni” taslamasynyň meýilnamasy, Patagoniýa sebiti, Çili (Surat: CNN)

“Porsche” we “Siemens” kompaniýalary bilelikde “HIF Global” kompaniýasynyň başlangyjy bilen Çiliniň Patagoniýa sebitinde sintetiki ýangyç öndürmek üçin ýel we gün energiýasyndan peýdalanýan “Haru Oni” taslamasyny başladylar. Bu sebitde ýel generatorlary üçin amatly howa şertlerini göz öňünde tutup, taslamanyň ýolbaşçylarynyň biri Meg Jentl bu başlangyjyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny aýtdy. Bu barada ABŞ-nyň maliýe we ykdysady žurnaly “Forbes” ýekşenbe güni habar berdi.

Bu ýangyjy öndürmek birnäçe tapgyrda amala aşyrylýar. Ilki bilen ýel energiýasy suwdan wodorody çykarýan elektrolizatorlary güýçlendirmek üçin ulanylýar. Soňra wodorod gaýtadan işlenen kömürturşy gazy bilen birleşdirilip, netijede gazylyp alynýan benzinden tapawudy bolmadyk sintetiki uglewodorodlar alynýar.

“Porsche” kompaniýasy ýangyç hereketlendiriji ulaglary we ekologiki durmuş ýörelgeleri bilen gyzyklanýan sürüjilere sintetiki ýangyç satmagyň geljegine umyt baglaýar. Kompaniýa sintetiki ýangyjy çapyşyk awtoulaglary üçin ulanyp, olary ýaýbaňlandyrmagy meýilleşdirýär.

“Haru Oni” taslamasyny esasy işläp düzüji kompaniýa bolan “HIF Global” Patagoniýada ýylda milliardlarça gallon ýangyç öndürip biljek müňlerçe ýel turbinasyny gurmagy meýilleşdirýär. Bu bolsa Çilini ekologik taýdan arassa benzin eksportçysyna öwürer.

“HIF Global” kompaniýasy Tehasda himiýa we nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynyň golaýynda ilkinji uly göwrümli zawody, şeýle hem Tasmaniýada zawod gurmagy maksat edinýär.

Dolandyrmagynda 24 milliard ABŞ dollary bolan we 2015-nji ýylda Çilide gün fermalaryny we gaz bilen işleýän elektrik stansiýalaryny gurmak üçin “HIF Global” kompaniýasyna maýa goýan EIG kompaniýasynyň dolandyryjy müdiri Endrýu Ellenbogen şeýle taslamalara islegiň çäksizdigini aýtdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022