TDHÇMB-da nebithimiýa we dokma önümleri satyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-da nebithimiýa we dokma önümleri satyldy
Owganystanyň we Ukrainanyň işewürleri “B” kysymly karbamidiň 10 müň tonnasyny satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) sişenbe güni daşary ýurt puluna geçiren söwdalarynda dizel ýangyjy, TC-1 uçar kerosini, karbamid, ýüplük we tekiz boýalan we tüýjümek žakkard önümleri satyldy. Geleşikleriň umumy bahasy 7 million 143 müň 15,42 ABŞ dollaryna deň boldy.

Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri bir tonnasynyň bahasy 600 ABŞ dollaryna deň bolan dizel ýangyjynyň bir müň tonnasyny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 600 müň ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada TDHÇMB-nyň resmi saýtynda habar berilýär.

BAE-den gelen telekeçi jemi bahasy 2 million 42 müň 250 ABŞ dollaryna barabar bolan TC-1 uçar kerosininiň 3 müň tonnasyny satyn aldy. Birža söwdalarynda satylan bu önümiň bir tonnasynyň bahasy 680,75 ABŞ dollaryna deň boldy.

Şeýle hem Owganystanyň we Ukrainanyň işewürleri bir tonnasynyň bahasy 181 ABŞ dollaryna barabar bolan “B” kysymly karbamidiň 10 müň tonnasyny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 1 million 810 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

Bulardan başga-da, Hytaýly işewür tekiz boýalan we tüýjümek žakkard önümlerini, Türkiýeli telekeçiler bolsa ýüplük satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 880 müň 765,42 ABŞ dollaryna barabar boldy.

TDHÇMB-nyň duşenbe güni geçiren söwdalarynda içerki bazar üçin BND 60/90 görnüşli şepbeşik nebit ýol bitumynyň 60 müň tonnasy satyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022