Şengen wizasynyň amallary ýeňilleşdirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Şengen wizasynyň amallary ýeňilleşdirilýär
Wiza amallarynyň sanlylaşdyrylmagy wiza galplygy we ogurlyk töwekgelçiligini azaltmak bilen Şengen sebitiniň howpsuzlygyny ýokarlandyrar. (Surat: bloomberg.com)

Ýewropa Bileleşiginiň Parlamenti (ÝB) we ÝB-nyň Komissiýasy Şengen zolagynyň ýurtlary üçin wiza amallaryny sanlylaşdyrmak barada ylalaşyk gazandylar. Ylalaşyk Şengen wiza dalaşgärlerine wiza almak işini ýönekeýleşdirjek we tizleşdirjek ýeke-täk web sahypasy arkaly onlaýn ýüz tutmaga mümkinçilik berer. Öň pasportlaryň içine birikdirilýän wizalar indi iki ölçegli ştrih-kodlar görnüşinde sanly wizalar bilen çalşyrylar. Bu barada “Euronews” penşenbe güni habar berdi.

Wiza üçin isleg bildirýänler dürli dillerde onlaýn ýüz tutup, wizalary ykjam enjamlaryna ýükläp alyp bilerler. Bu dünýäniň dürli künjegindäki adamlar üçin wiza almak amallaryny has elýeterli we amatly eder. Mundan başga-da, wiza amallarynyň sanlylaşdyrylmagy wiza galplygy we ogurlyk töwekgelçiligini azaltmak bilen Şengen sebitiniň howpsuzlygyny ýokarlandyrar.

Täze düzgünlere laýyklykda dalaşgärler ilkinji gezek wiza üçin ýüz tutanlarynda, biometrik maglumatlary indi güýji ýok diýip hasap edilende ýa-da pasporty täze bolan ýagdaýynda konsullyga barmaly bolarlar. Eger wiza üçin isleg bildirýän adam Şengen zolagynyň birnäçe ýurduna baryp görmäge isleg bildiren ýagdaýynda, platforma galmagyň dowamlylygyna baglylykda anketany gaýtadan işlemekde haýsy ýurduň jogapkärdigini awtomatiki usulda kesgitlär.

Syýahat maksady bilen iň köp 90 gün ýagny, 6 aýyň dowamynda berilýän Şengen wizasy Ýewropa Bileleşiginiň 22 ýurdunda, şeýle hem Islandiýada, Norwegiýada, Lihtenşteýnde we Şweýsariýada ulanylýar. Irlandiýa, Bolgariýa, Rumyniýa we Kipr ýaly käbir ýurtlar Ýewropa Bileleşigine agza bolsalar-da, Şengen sebitine girmeýärler.

2022