Russiýa Gazagystandan Türkmenistana we Eýrana ýük otlularyny işe girizmäge taýýarlanýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Russiýa Gazagystandan Türkmenistana we Eýrana ýük otlularyny işe girizmäge taýýarlanýar
Çelýabinsk oblastynyň gubernatory Alekseý Teksler (Surat: cheltoday.ru)

Russiýanyň Çelýabinsk oblastyndaky ýükleriň birleşdirilmegi bilen Gazagystandan Türkmenistana we Eýrana ýokary tizlikli ýük otlylaryny işe girizmek meseleleri maslahatlaşylýar diýip, sebitiň gubernatory Alekseý Teksler penşenbe güni Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynda sebitiň maýa goýum mümkinçiliginiň tanyşdyrylyş dabarasynda mälim etdi. Bu barada TASS agentligi habar berdi.

Alekseý Teksler Gazagystan bilen Russiýanyň bu sebitiniň arasyndaky serhediň Uralyň ähli senagaty üçin Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk etmäge iň gowy giriş-çykyş nokady boljakdygyny aýtdy.

Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2023-nji ýylyň 14-17-nji iýun aralygynda geçirilýän XXVI Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumyna gatnaşýar.

Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasynyň çarşenbe güni habar bermegine görä, bu halkara ykdysady forumyň çäginde Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň “Uglerody kadalaşdyrmak we Aziýada, Afrikada we Ýakyn Gündogarda uglerod birlikleriniň dolanyşygy üçin bazar döretmek” atly mejlisde çykyşy meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýewiň Russiýanyň ykdysady ösüş ministri Maksim Reşetnikow bilen ikitaraplaýyn duşuşygy göz öňünde tutulýar.

2022