Arkadag şäherinde seýsmik stansiýa gurlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Arkadag şäherinde seýsmik stansiýa gurlar
Arkadag şäheri, Türkmenistan

Arkadag şäheriniň häkimligine seýsmik yrgyldylaryň anyk hasaplamasyny üpjün edýän seýsmik stansiýany gurmak we enjamlaşdyrmak boýunça halkara bäsleşikleri geçirmek tabşyryldy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni degişli Karara gol çekdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, bu resminama berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň ilatyna edilýän jemagat-durmuş hyzmatlarynyň derejesini has-da ýokarlandyrmak, Arkadag şäherini ekologik taýdan arassa, dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwürmek, seýsmik howplulyk derejesini kesgitlemek, hasaba almak, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” we “Türkmenistanyň seýsmik taýdan howply zolaklarynda seýsmik töwekgelçiligi peseltmek Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen kabul edildi.

Şeýle hem resminama laýyklykda, Arkadag şäheriniň häkimligine jemagat hyzmatlaryny ýerine ýetirýän ýöriteleşdirilen awtoulaglary, olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny we beýleki enjamlary satyn almak boýunça halkara bäsleşikleri geçirmek tabşyryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, Daşary işler ministrligine, Arkadag şäheriniň häkimligine, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine, Medeniýet ministrligine hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine bilelikde 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda Arkadag şäheriniň açylyşynyň ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

2022