Çelýabinsk-Saud Arabystany ilkinji konteýner otlusy Türkmenistanyň çäginden geçer

BIZNES TÜRKMENISTAN
Çelýabinsk-Saud Arabystany ilkinji konteýner otlusy Türkmenistanyň çäginden geçer
Ýük otlusy 42 sany konteýnerden ybarat bolup, olar eksport üçin ugradylan energiýa enjamlaryny we reňkli metallary öz içine alýar. (Surat: baltictransportjournal.com)

Günorta Ural demir ýoly kompaniýasynyň “Çelýabinsk-Gruzowoý” menzilinden Saud Arabystany Patyşalygyna ugradylan ilkinji konteýner ýük otlusy Türkmenistanyň çäginden geçer. Bu barada Günorta Ural demirýol kompaniýasynyň metbugat gullugyna salgylanyp, TASS agentligi sişenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesi boýunça ugradylan otly Gazagystanyň we Eýranyň çäklerinden hem geçer. Russiýanyň “RŽD Logistika” kompaniýasy bu hyzmatyň operatory bolup durýar.

Ýük otlusy 42 sany konteýnerden ybarat bolup, olar eksport üçin ugradylan energiýa enjamlaryny we reňkli metallary öz içine alýar.

Günorta Ural demirýol kompaniýasynyň metbugat gullugynyň habaryna görä, otly çalt eltip bermek arkaly, ýük gatnawy üçin düzülen meýilnamanyň ýöriteleşdirilen ugry boýunça hereket edýär.

Tatarystanyň Kazan şäherinde 18-19-njy maý aralygynda geçirilen “Russiýa — Yslam dünýäsi: Kazan Forum — 2023” XIV halkara ykdysady forumyna gatnaşyjylar Russiýa bilen Ýewraziýa ýurtlary Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesini ösdürmeginiň taslamasyny, şeýle hem bu taslamada konteýnerli ýük daşamalaryň 15-30 esse artdyrylmagyny maslahatlaşdylar.

2022