Owganystan Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky nebitgaz söwdasyna ýardam berer

BIZNES TÜRKMENISTAN
Owganystan Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky nebitgaz söwdasyna ýardam berer
Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi Merkezi Aziýadan Günorta Aziýa çenli gazyň we nebitiň üznüksiz daşalmagyna goşant goşar. (Surat: ariananews.af)

Owganystanyň wise-premýeriniň ykdysady meseleler boýunça edarasy gury ýer boýunça Türkmenistandan Owganystanyň üsti bilen Pakistana gaz we nebit daşamagynyň synagyny tassyklady. Bu barada Owganystanyň wise-premýeriniň ykdysady meseleler boýunça edarasynyň “Twitter” sahypasyna salgylanyp, “TOLOnews” owgan teleýaýlymy ýekşenbe güni habar berdi.

“Bu möhüm başlangyç ykdysady ösüşi höweslendirmek we üstaşyr mümkinçilikleri ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi Merkezi Aziýadan Günorta Aziýa çenli gazyň we nebitiň üznüksiz daşalmagyna goşant goşar we milli girdejileriň ep-esli ýokarlanmagyna getirer” diýlip, habarda bellenilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, Owganystanyň Söwda we senagat ministrliginiň metbugat sekretary Abdul Salam Jawad Owganystanyň ulag pudagynyň ösjekdigini we raýatlar üçin köp sanly iş orunlarynyň dörejekdigini belledi.

“Neýtralnyý Turkmenistan” gazetiniň 23-nji iýunda çap edilen sanynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Pakistana elektrik geçiriji arkaly Mary şäherindäki döwlet elektrik stansiýasyndan Owganystanyň Hyrat şäherine elektrik energiýasyny ugradyp başlar.

2022