Türkmenistanda, Gazagystanda gurnalan kameralar ýitip barýan pars barslaryny surata aldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda, Gazagystanda gurnalan kameralar ýitip barýan pars barslaryny surata aldy
Türkmenistanyň Uly Balkan dagynyň gerşindäki urkaçy pars barsy (Surat: mangystaumedia.kz)

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň tebigaty goramak boýunça hünärmenleri haýwanlaryň ýitip barýan görnüşlerini, şol sanda pars barslary (Panthera pardus tulliana) goramakda möhüm ösüş gazandylar.

Uly landşaftlary gorap saklamak merkeziniň ylmy işgäri Tatýana Rozeniň ýolbaşçylygyndaky Merkezi Aziýanyň ekologiki baglanyşyk başlangyjynyň çäginde (CEECI) barslary yzarlamak we goramak üçin Türkmenistanda we Gazagystanda ýerli hyzmatdaşlar bilen iş alnyp barylýar. Bu barda Gazagystanyň “Мangystau media” sebitleýin gazeti habar berdi.

Gazagystanda haýwanlary surata almak üçin gurnalan kamera “Tau Sheri” (Daglaryň ruhy) lakamly barsyň suratlaryny aldy. Bu bars ilkinji gezek 2020-nji ýylyň noýabr aýynda ýazga alnypdy we iň soňky gezek 2021-nji ýylyň gyşynda görlüpdi. Habara görä, barsyň bu görnüşiniň tomus aýlarynda suwy has köp bolan ýerlere göçüp barandygy çaklanylýar.

Türkmenistanda haýwanlary surata almak üçin gurnalan kamera dokuz dürli barsy, şol sanda iki çagaly urkaçy barsy hasaba aldy. Şeýle hem gurnalan kameralar 1940-njy ýyldan bäri sebitde görülmedik pişikleriň maşgalasyna degişli bolan “Pallas's” pişigini surata düşürdi.

Uly Balkan dagynyň gerşiniň günortasynda, Günbatar Köpetdagda haýwanlary surata almak üçin gurnalan kamera gulanlaryň uly populýasiýasynyň suratlaryny hem aldy. Türkmenistandaky gulanlar diňe iki sany örän kiçi populýasiýada duş gelýärler diýip, uly landşaftlary gorap saklamak merkezi habar berýär.

Haýwanlary surata almak üçin gurnalan kameralardaky maglumatlar tebigaty goraýjylar tarapyndan ýitip gitmek howpy abanýan bu haýwanlaryň görnüşleriniň ýagdaýyna baha bermek we olary goramak boýunça meýilnamalaryny düzmek üçin ulanylýar.

Merkezi Aziýanyň ekologiki baglanyşyk başlangyjy (CEECI) bu global ähmiýetli biodürliligiň sebitindäki hyzmatdaşlygy artdyrmak üçin iş alyp barýar. Mundan başga-da, CEECI Türkmenistanda we Gazagystanda pars barsynyň bardygy barada möhüm ylmy maglumatlary gazandy.

Şeýle hem gurama barslaryň bu görnüşleriniň ähmiýetine düşünmek we sebitde durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen iş alyp barýar.

2022