Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Jozef Baýdene ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
“Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris we onuň geljekde iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine hem-de giňeldiljekdigine berk ynam bildirýäris” diýip, Türkmenistanyň Döwlet Baştutany gutlag hatynda belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Jozef Baýdene tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de öňegidişlik hem-de rowaçlyk arzuw etdi.
ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni 1776-njy ýylyň 4-nji iýulynda ýurduň Garaşsyzlyk Jarnamasy esasynda kabul edildi we bu sene her ýyl ýurtda federal baýramçylyk hökmünde bellenilýär.