Gazak kompaniýasy elektrik awtoulaglaryň önümçiligine başlamakçy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gazak kompaniýasy elektrik awtoulaglaryň önümçiligine başlamakçy
Kompaniýa J2-P modelleriniň iň meşhurlaryny, ýagny furgony, refrijeratory (emeli sowadyş ulgamy bilen), we ýük maşynyny öndürip başlar. (Surat: kapital.kz)

Gazagystanyň “Kangaroo Electro Asia” kompaniýasy “Kangaroo Electro” haryt nyşany bilen satyljak elektrik awtoulaglaryň önümçiligine başlamaga taýýarlyk görýär. Bu barada kompaniýanyň esaslandyryjylarynyň biri bolan Ýuriý Kurbakowskiýniň aýdanlaryna salgylanyp, iş maglumat merkezi bolan “kapital.kz” geçen hepdäniň duşenbe güni habar berdi.

Awtoulaglaryň bir batareýanyň güýjünde 150 kilometrden 180 kilometr aralygy geçmäge ätiýaçlygy bolar. Güýçlendirilen batareýa bolsa awtoulaglara 320 kilometra çenli aralygy geçmäge mümkinçilik berer. Şeýle-de Ýuriý Kurbakowskiý awtoulaglarynyň önümçiliginiň bir aýyň içinde başlanyp bilinjekdigini belledi.

Kompaniýa aýda kuwwatlylygy 20 ulag bolan önümçilige başlamagy meýilleşdirýär. Emma kompaniýa potensial maýadarlaryndan aýda kuwwatlylygy 100 ulag bolan konweýer gurmak teklibini aldy.

Kompaniýa J2-P modelleriniň iň meşhurlaryny, ýagny furgony, refrijeratory (emeli sowadyş ulgamy bilen), we ýük maşynyny öndürip başlar. Şeýle hem kompaniýa müşderileriň isleglerine görä kömekçi enjamlary we bir orunlyk ýeňil awtoulaglary öndürmegi göz öňüne tutýar.

“Kangaroo Electro Asia” kompaniýasynyň Ýewraziýa Ykdysady Birleşmesiniň (ÝYB) agza ýurtlarynyň çäginde ähli zerur rugsatnamalary, şeýle hem Gazagystanda, Özbegistanda we Gyrgyz Respublikasynda önüm öndürmek we satmak üçin aýratyn hukuklary bolup, bu kompaniýa geljekde önümçiligi giňeltmegi meýilleşdirýär.

Kompaniýanyň müşderileriniň arasyna eltip bermek hyzmatlaryny ýerine ýetirýän kärhanalar, logistika torlary, poçta hyzmatlaryny berijiler, hususy telekeçiler we şäheriň içinde ýük daşamalara ýöriteleşen kompaniýalar girer.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022