“TotalEnergies” bilen SOCAR Hazar deňzinde gaz çykaryp başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
 “TotalEnergies” bilen SOCAR Hazar deňzinde gaz çykaryp başlady
Taslamanyň birinji tapgyrynda günde 4 million kub metr gaz we 12,000 barrel kondensat çykarylar. (Surat: newscentralasia.net)

“TotalEnergies” kompaniýasy bilen Azerbaýjanyň döwlet nebit kompaniýasy (SOCAR) Hazar deňzindäki Apşeron gaz kondensat ýatagynda önümçilige başlandyklaryny mälim etdi. Bu barada “TotalEnergies” kompaniýasy habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, taslamanyň birinji tapgyrynda günde 4 million kub metr gaz we 12,000 barrel kondensat çykarylar. Çykarylan gaz bolsa Azerbaýjanyň içerki bazarynda satylar.

“TotalEnergies” we SOCAR operasion kompaniýa bolan “Absheron Petroleum” kompaniýasy tarapyndan dolandyrylýan taslamanyň 50 göterimine eýeçilik edýärler.

“TotalEnergies” kompaniýasynyň strategiýasyna laýyklykda, bu taslama parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň az çykmagy bilen artýan islegi kanagatlandyrmak üçin goşmaça gazy we kondensaty üpjün edýär.

Apşeron gaz kondensat ýatagy Azerbaýjanyň Baku şäherinden 85-100 km gündogarda, Günorta Hazaryň nebit we gaz basseýninde ýerleşýär. Ýatagyň uglewodorod ätiýaçlyklary 350 milliard kub metr tebigy gaz we 45 million tonna kondensat diýlip çaklanylýar.

2022