Türkmenistanda Kuraş boýunça dünýä çempionaty geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda Kuraş boýunça dünýä çempionaty geçiriler
XIX tomusky Aziýa oýunlarynda kuraş göreşi boýunça geçirilen Aziýa ýaryşynyň jemlerinden bir pursat, Hançžou, Hytaý

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde 2023-nji ýylyň noýabr aýynda Kuraş boýunça dünýä çempionaty geçiriler.

Kuraş boýunça dünýä çempionatyny ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Resminama laýyklykda, Kuraş boýunça dünýä çempionatyny geçirmek bilen bagly guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

XIX tomusky Aziýa oýunlarynyň paýtagty Hançžouda (Hytaý) şu ýylyň maý aýynda geçirilen kuraş göreşi boýunça iki Aziýa ýaryşynda türkmen türgenleri 12 medal gazandylar.

Kuraş sporty söweş sungatynyň bir görnüşi bolup, ol gadymy döwürde häzirki Özbekistanyň çäklerinde döredildi. Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň ilkinjisi 1999-njy ýylyň maý aýynda Özbekistanyň Daşkent şäherinde ulularyň arasyna geçirildi.

2022