Türkmenistanyň ilat sany 7 million adamdan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň ilat sany 7 million adamdan geçdi
Köp çagaly ene (Surat: trt.net.tr)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy Döwletgeldi Amanmuhammedow Türkmenistanda geçirilen ilat ýazuwynyň netijeleri boýunça 2022-nji ýylyň 17-nji dekabry ýagdaýyna görä, ýurduň ilatynyň umumy sanynyň 7 million 57 müň 841 adama deň bolandygy barada hasabat berdi.

Ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy “Ilat ýazuwy — 2022: Jebislik, Bagtyýarlyk, Röwşen geljek” şygary astynda geçen ýylyň dekabr aýynda geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Hasabata görä, 2022-nji ýylyň 17-nji dekabr ýagdaýyna ýazylan ilatynyň 22,9 göterimi Mary welaýatynyň, 22 göterimi Daşoguz welaýatynyň, 20,5 göterimi Lebap welaýatynyň, 14,6 göterimi Aşgabat şäheriniň, 12,5 göterimi Ahal welaýatynyň we 7,5 göterimi Balkan welaýatynyň paýyna düşdi. Şeýle hem ilatyň 50 göterime golaýy erkekler, 50 göterimden gowragy aýal-gyzlar bolup, ýurduň umumy ilatynyň 47,1 göterimi şäher, 52,9 göterimi oba ilatyndan ybarat boldy.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy Döwletgeldi Amanmuhammedow ýaşaýyş binalarynyň sanynyň 1 million 5 müň 671-e deň bolup, 2012-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwy bilen deňeşdirilende, 12,4 göterim artandygyny, şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynyň sanynyň 1 million 344 müň 268-e deň bolup, 13,6 göterim, olaryň umumy meýdanynyň bolsa 165 million 167 müň 523 inedördül metre barabar bolup, 24,5 göterim ýokarlanandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurduň milli ykdysadyýetiniň pudaklarynyň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine, Prezident maksatnamasynyň hem-de Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň beýleki maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine, ikinji ýarym ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler bilen baglanyşykly hem-de guramaçylyk meselelerine garaldy.

2022