Türkmenistanda iki sany täze ministrlik döredildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda iki sany täze ministrlik döredildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň binasy, Aşgabat

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň bölünmegi arkaly, onuň binýadynda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini hem-de Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligini döretmek hakynda Permana gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Bu resminama berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň oba hojalygyny we daşky gurşawyny goramagy düýpli özgertmek hem-de dolandyrmagy kämilleşdirmek arkaly bu pudaklaryň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen kabul edildi.

Permana laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi we Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi, degişlilikde, Türkmenistanyň Adalat ministrligi we beýleki degişli ministrlikler bilen bilelikde Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi hem-de Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi hakynda Düzgünnamalaryň, olaryň merkezi edaralarynyň gurluşlarynyň taslamalaryny, ýolbaşçylarynyň aýlyk zähmet haklarynyň möçberi, merkezi edaralarynyň işgär sany baradaky hem-de şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek hakyndaky teklipleri taýýarlamaly hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Altyýew Allanur Nurgeldiýewiçi işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri wezipesinden boşatdy.

Şeýle hem mejlisiň dowamynda Oba hojalyk ministri wezipesine Nazarmyrat Geldimyradowiç Nazarmyradow, Daşky gurşawy goramak ministri wezipesine bolsa häzirki wagtda Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň başlygy bolup işleýän Çarygeldi Gurbangeldiýewiç Babanyýazow bellenildi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurduň käbir pudaklarynyň we ministrlikleriniň wezipelerine täze ýolbaşçylary belledi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022