Pakistan, Owganystan we Özbegistan Merkezi Aziýa uzaýan demirýol şahasyny gurarlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Pakistan, Owganystan we Özbegistan Merkezi Aziýa uzaýan demirýol şahasyny gurarlar
Pakistany Merkezi Aziýa we Russiýa bilen birleşdirjek demirýol şahasyny döretmek barada bilelikdäki teswirnama gol çekmek dabarasy, 18-nji iýul, Yslamabat, Pakistan (Surat: Owganystanyň Yslamabatdaky ilçihanasynyň "Twitter" sahypasy)

Pakistan, Owganystan we Özbegistan sişenbe güni Pakistany Özbegistanyň günortasyndaky Termez şäheriniň üsti bilen Merkezi Aziýa we Russiýa bilen birleşdirjek demirýol şahasyny döretmek barada bilelikdäki teswirnama gol çekdiler. Bu barada “Arabnews” gazeti çarşenbe güni habar berdi.

Demirýol ugry Termez şäherinden we Owganystandaky Mazari-Şarif bilen Logar şäherlerinden geçer hem-de Pakistandaky Harlaçi serhet geçelgesine barar. Resmiler bu şahanyň ýolagçy we ýük hyzmatlaryna goldaw berjekdigini we sebitdäki söwda hem-de ykdysady ösüşe goşant goşjakdygyny aýdýarlar.

Owganystanyň Yslamabatdaky ilçihanasy bu taslamany goldaýandygyny mälim edip, Termez-Logar-Harlaçi demirýol taslamasynyň sebitde ykdysady ösüşi höweslendirmek üçin uly mümkinçilikleriniň bardygyny aýtdy.

Türkmenistandan we Özbegistandan Pakistana şu ýylyň 14-nji iýunynda ýurduň Owganystan bilen serhetleşýän Torham gümrük nokady arkaly 21 sany suwuklandyrylan gaz ýüklenen awtoulag gelip gowuşdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022